«Ýewropa Dermanlar» Hojalyk Jemgyýeti
Ilatyň saglygy barada alada edýäris – lukmançylyk dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny we lukmançylyk kosmetikasyny getirýäris.
Artykmaçlyklarymyz
Diňe ýokary hil
Biz öňdebaryjy lukmançylyk we farmasewtiki kärhanalaryna wekilçilik edýäris. Ähli kompaniýalar her ýyl Halkara lukmançylyk sergisine gatnaşdylar we birnäçe gezek baýrakly orunlar we gatnaşmak diplomlary bilen sylaglandy, bu biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň bize berýän ýokary bahasyny görkezýär.
Açyklyk we elýeterlilik
Biz alyjylar üçin açyk, diňe telefon jaňy ýa-da habar ibermek ýeterli! Müşderiler we hyzmatdaşlar üçin elýeterli maglumatlar bilen
Hakyky bilermenler
Jemi “Ýewropa Dermanlar” Hojalyk jemgyýetinde 60-dan gowrak adam işleýär. Işgärler hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrýar, daşary ýurtlardaky okuwlara gatnaşýar, hünärmenler işgärleri taýýarlamak üçin gelýär, çagyrylan hünärmenleriň we lektorlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, ussatlyk sapaklary geçirilýär. Biz bir ýerde duramzok, pozisiýamyz “Özüň öwrendiňmi, başga birine-de öwret”.
Zerur serişdeler
Kompaniýanyň bukjasynda dürli terapewtiki toparlarynyň dermanlary bar. Oňa hassahana we OTC dermanlary girýär. 50-den gowrak serişdeler “Ýaşaýyş üçin möhüm we zerur dermanlar” sanawyna girizildi.
Müşderilerimiz
Biziň kompaniýamyzyň maksady Türkmenistanyň farmatewtiki bazaryny hil standartlaryna laýyk gelýän ewropa dermanlary bilen üpjün etmekligine ugrukdyrlandyr.
Döwlet getirmeleri
2010-njy ýyldan bäri kompaniýa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan geçirilen döwlet tenderler çärelerine birnäçe gezek gatnaşdy. Bu maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň bejeriş edaralaryna dermak serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň we lukmançylyk maksatly önümleriniň getirilmegi amala aşyryldy.
Dermanhana getirmeleri
2010-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň ähli täjirçilik we döwlet dermanhanalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Dermanhanalarda näsaglara ýeňilliklil şertlerde harytlary satyn almaga mümkinçilik berýän mahabatlandyryş geçirilýär.